Ölüm duýdansyz gelýär. Bu ýakynlar üçin iň agyr synag. Eger-de bu pajygaly ýagdaý merhumyň öýünden ýa-da Watanyndan daşda bolan bolsa, onda onuň jesedi ýakynlary tarapyndan, hossarlary hoşlaşyp bilerler ýaly, dogduk mekanyna we şäherine getirilmelidir.

Köp ýurtlarda jesedi ata Watanda jaýlamak dessury bardyr. Bu bolsa, merhum mydama başga ýurtda ýaşan hem bolsa, ony öz ýurduna getirmelidir diýmekdir. Bu ýagdaý üçin bolsa uçar gerek, sebäbi jesedi uzak wagt saklamak bolmaýar.

Ýük 200

Ýörite howa gämisi hassany bir ýurtdan beýleki ýurda äkitmekde wajyp bolşy ýaly, hassany däl-de, eýsem onuň jesedini äkitmekde hem wajypdyr. Ýogalany jaýlanjak ýerine awiasion äkidilmeginiň ýörite kodlanan belligi bar, ol “ýük 200” diýlip atlandyrylýar.

Ýakyn aralyga äkitmek awtoulagyň kömegi bilen amala aşyrylsa, daşary ýurda äkitmeli bolanda uçar gerek bolýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasy jesedi uzak aralyga äkitmäge kömek eder. Bu birnäçe usul bilen mümkindir:

  • Ýörite ýük uçarynda,
  • Sada uçaryň ýük bölüminde,
  • Kireýine alnan şahsy ýa-da lukmançylyk uçarynda,
  • Transportuň birnäçe görnüşlerini ulanyp (uçar-dikuçar).

Eger siz çykgynsyz ýagdaýa uçran bolsaňyz AVIAV TM (Cofrance SARL) jaň ediň ýa-da internet sahypada arza goýuň. Size kömek, goldaw we ähli soraglaryňyza jogap alyp bilersiňiz.

Awiaäkidilme nähili bolup geçýär?

  1. Köp ýagdaýlarda jesedi Watanyna äkitmek üçin ýük 200 awiaäkidilmesi gerek bolýar. Dürli instansiýalara görkezilmeli resminamalary AVIAV TM (Cofrance SARL) işgärleri ýygnarlar.
  2. Jesedi balzamlamak, sink tabydy satyn almak, jaýlaýyş eşiklerini, ýogalanyň ynanan dinine görä atributlary satyn almak gerek. Tabydyň içinde jesediň küli ýerleşýän gapyrjak bolan ýagdaýynda tabyt galaýylanýar.
  3. Soňra jeset howa menziline eltilýär. Eger gürrüň sada awiareýs barada bolsa, onda howa menziline uçuşdan 6 sagat öň gelmeli bolar. Eger-de ol ýolagçy reýsi bolsa, ýakynlary hem şol reýs bilen uçmalydyrlar. Gonuşdan soňra, jesedi ýük terminalyndan almak üçin 2-3 sagat töweregi garaşmaly bolar.
  4. Iň gowusy jesedi äkitmek üçin şahsy uçary kireýine almakdyr. Bu hassany başga ýurtdan getirmek üçin ulanylýan howa gämisi ýa-da tabyt üçin ýeri bolan biznes-jeti bolup biler. Bu ýagdaýda jeset alnyp uçaryň uçmagyna 3 sagat ýeterlik bolar.
  5. Howa menzilinde ähli resminamalar ykjam barlanylýar. Jeset gonuş nokadyndan alnandan soňra mikroawtobus ýa-da ýörite limuzin kysymly katafalkda soňky nokada – öýe ýa-da hossarlarynyň hoşlaşyp, merhumy onuň dinine görä jaýlajak adat jaýyna äkiderler.

Siz haýsy usuly saýlap alsaňyzda AVIAV TM (Cofrance SARL) awiaäkidilmäni gurnamaga kömek eder.

Haýsy resminamalar gerek bolar?

Daşary ýurtda äkitmek üçin gerek:

  • Gümrük beýannamasy,
  • Ýük 200 üçin transport üsthaty,
  • Galaýylama we salynmazlyk barada kepilnama,
  • Sanepidstansiýanyň kepilnamasy,
  • Balzamlanandygy barada kepilnama,
  • Konsullykdan ýa-da ilçihanadan çykarylmagyna rugsat (gerek bolan ýagdaýynda).

AVIAV TM (Cofrance SARL) näme bilen kömek edip biler?

  1. ABŞ-dan , Hytaýdan, Fransiýadan, Alžirden, Russiýadan ýük 200 awiaäkidilmeginde resminamalaryň taýýarlanmagy bilen bagly meseleler ýüze çykýar. AVIAV TM (Cofrance SARL) kompaniýasynda býurokratik proseduralary öz üstüne aljak tejribeli hukukçylar işleýärler.
  2. Biz bütindünýä ýüzünde işleýäris, we dürli ýurtlara jesetleri äkitmek tejribämiziň netijesinda ediljek hereketleriň düzgünlerini bilýäris, prosesi tiz wagtda ýerine ýetirýäris. Siziň elhenç habary eşideniňizden birnäçe sagat geçen soň, ähli resminamalar taýýar bolup, reýs gurnalar.
  3. Beýle işde guramaçylyk ähli zatdan wajyp. Şeýle hem howa menzillerinde kynçylyklar we artykmaç soraglar ýüze çykmaz ýaly saklanyşyň we äkidilmäniň ähli düzgünlerini berk berjaý etmeli. Merhumyň hossarlary beýle zatlary bilmezlikleri mümkin, we şeýle ýagdaýda olar formallyklar barada pikir etmäne ukyply bolmaýarlar, şonuň üçin-de äkidilmäniň gurnalmagyny AVIAV TM (Cofrance SARL)-nyň hünärmenlerine tabşyryň.
  4. Biziň kompaniýamyzyň kömegi bilen Ýük 200 awiaäkidilme hossarlar hiç zady alada etmez ýaly ýagdaýda gurnalar. Şahsy uçarda keseki adamlar bolmazdan ähli maşgala bolup uçup, merhum hakynda gürleşip, matam tutup, merhumyň durmuşyndan wajyp we täsirlli pursatlary ýatlamak mümkin.

Biziň kompaniýamyzdan hyzmatlaryň toplumy

  • Merhumyň jesedini onuň ynanan dinine görä jaýlamaga taýýarlarys,
  • gerekli egin-eşikleri, jaýlaýyşa gerekli zatlary satyn alarys,
  • sink tabydynyň galaýylanmagyny ýerine ýetireris,
  • gerekli resminamalary taýýarlarys,
  • jesedi katafalkda uçara çenli alyp gideris,
  • gümrük proseduralaryny geçeris,
  • borta ýüklenilişi barlarys,
  • garşylajak, ugratjak we ähli zady düşündirjek hünärmenler bilen üpjün ederis,
  • sink tabydy galaýylarys we gaýtadan işläris,
  • ýany bilen gidýänlere wiza we ätiýaçlandyryş polisini taýýarlarys,
  • gerek bolan ýagdaýynda hossarlary üçin myhmanhana bronlap, iýmit bilen üpjün ederis,
  • barmaly nokatda jaýlanyşy gurnamaga kömek ederis,
  • beýleki meseleleri çözeris.

Jesediň awiaäkidilmesini nähili buýurmaly?

Kyn ýagdaýda merhumyň ýakyn adamlaryna bir zat aýtmak ýa-da düşündirmek aňsat däldigine biz düşünýäris.

Internet sahypamyzda habarlaşmak üçin gerekli maglumatlary goýmagyňyz ýeterlik bolar.

Size jaň edip, indiki etmeli zatlary düşündirerler. Biz ähli zatlaryň aladasyny ederis. Gerek bolan ýagdaýynda siz psihologyň kömegi bilen üpjün edilersiňiz.

Awiaäkidilmesiniň nyrhlary

Ýük 200 awiaäkidilmesiniň nyrhy näçe diýen soraga jogap bermek üçin AVIAV TM (Cofrance SARL) ýüz tutuň. Nyrh indiwidual kesgitlenýär we aşakdakylara bagly bolýar:

  • marşrut,
  • eltmäniň görnüşi,
  • howa gämisiniň görnüşi,
  • hyzmatlaryň buýrumy,
  • bile gidýän şahslaryň sany,
  • kynçylyklaryň ýüze çykma we çözme mümkinçiligi.

Hat-da merhumyň jesediniň äkidilmeginde-de awiasion häkimiýeti kanunçylygyň ähli düzgünlerini berjaý etmelidirler. Şonuň üçin jedelli ýagdaýlaryň ýüze çykmasy iň oňaýsyz pursatda bolup geçýär.  Beýle ýagdaýlardan gaça durmak üçin ähli formallyklary we ýük 200-i hünärmenlere tabşyryň. Awiaäkidilmesiniň nyrhy AVIAV TM (Cofrance SARL) menejeri tarapyndan aýdylar.

Näme üçin bize ynansa bolar?

    • AVIAV TM (Cofrance SARL) iş awiasiýasy ulgamynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär.
    • Biz 745 awiakompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edip, howa gämileriniň 100 müňden gowrak modellerine ygtyýarymyz bar.
    • Ýük 200 awiaäkidilmeleri bilen 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýäris.
    • Gerekli formallyklary ýola goymana ýardam berjek awiasion we ümrük hukukçylarynyň hususy topary.
    • Reýsleriň nyrhyna hiç zat goşmaýarys – biziň kompaniýamyz dellal kompaniýasydyr.
    • Biz şulara kepil geçýäris:
      • çalasynlyk,
      • finans hasabaty,
      • hossarlara sypaýy gatnaşyk,
      • jesede hormatly gatnaşyk,
      • berk gizlinlik.
      • Äkidilmäniň ähli tapgyrlaryny öz üstümize alýarys.

Biziň internet sahypamyzda arza goýuň ýa-da AVIAV TM (Cofrance SARL) jaň ediň. Biz ähli soraglaryňyza jogap berip kyn ýagdaýyňyzda kömek ederis.